Türkmenistanyň Prezidenti Eýrana sapar bilen barar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Eýrana sapar bilen barar
Tähran, Eýran

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde Eýrana sapar amala aşyrar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzade duşenbe güni mälim etdi.

Hytaýyň CGTN döwlet teleýaýlymynyň habar berşi ýaly, şeýle-de Said Hatibzade Pakistanyň Daşary işler ministri Bilawal Butto Zardariniň we Ermenistanyň Milli Assambleýasynyň başlygy Alen Simonýanyň şu hepde Eýrana sapar etjekdiklerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda şu ýylyň maý aýynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji we Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mihail Jabbarow geçen hepde Bakuwda Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana türkmen gazyny iki esse artdyrmak barada özara düşünişmek Ähtnama gol çekdiler.

2022