Eýranyň Baştutany Aşgabat bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdi

BIZNES TÖRKMENISTAN
Eýranyň Baştutany Aşgabat bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda Seýed Ebrahim Raisi ozalky Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyran işleri netijesinde Tähran bilen Aşgabadyň dürli ugurlarda, şol sanda gaz, üstaşyr we demir ýol hyzmatdaşlygyndaky özara gatnaşyklarynyň ösüş gazanandygyny aýdyp, geljek döwürde bu işleriň çaltlaşdyryljakdygyna ynanýandygyny belledi. Bu barada Eýranyň IRNA agentligi habar berdi. 

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen hem-de eýran halkyna parahatçylyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bar bolan mümkinçilikleri hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini belläp, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar.

Söhbetdeşler iki ýurduň hem mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, türkmen we eýran halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarda mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki goňşy ýurduň halkyna ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

2022