Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanyna resmi sapar eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanyna resmi sapar eder
Er-Riýad, Saud Arabystany Patyşalygy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapar bilen barar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyñ telefon arkaly duşenbe güni geçirilen söhbetdeşliginiň barşynda amala aşyryljak resmi sapara görülýän taýýarlyk işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon gepleşiginiñ barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gidişine we ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Hususan-da, dürli ugurlardaky türkmen-saud gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin bilelikdäki hereketleriň takyk meýilnamasy kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Sapara taýýarlygyň çäklerinde meseleleriň giň gerimi boýunça ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi üçin iýun aýynyň ahyryna çenli Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň Türkmenistana saparyny gurnamak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem, şu ýylyň ikinji ýarymynda Er-Riýadda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşyldy.

Raşid Meredow saud tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Umra hajyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük saparynyň ýokary dereje gurnalandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Medinedäki Muhammet pygamberiň metjidine hem bardy.

2022