Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda owganystanly telekeçi TS-1 görnüşli awiakerosiniň üç müň tonnasyny satyn almak üçin şertnama baglaşdy.
Bu harydyň bahasy soňky söwdalar bilen deňeşdirilende 12,1% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy 1184,25 ABŞ dollaryna barabar boldy. Geleşigiň umumy bahasy 3,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni mälim etdi.
Şeýle-de türkiýeli işewür duşenbe güni geçirilen söwdalarda nah ýüplük satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 180,6 müň ABŞ dollaryna deň boldy. BAE-niň hem-de Gazagystanyň telekeçileri 7,3 million manatlyk 166 müň kilogramdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 134 million 755 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.