Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri we senagat-önümçilik toplumyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Serdar Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň daýhany Azat Joraýewiň iş şertleri, maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylyk derejesi we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleriniň geçirilişi bilen gyzyklandy.
Şeýle-de saparyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekowa elektrik energiýasynyň, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň we gurluşyk önümçiligine degişli beýleki harytlaryň, mineral dökünleriň öndürilişini durnukly ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
‘’Sebitlerde gök-bakja, miwe önümleri, ýeralma, mal we guş eti, ýumurtga, ösümlik ýagy hem-de beýleki azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, ot-iým binýadyny döretmek üçin zerur işler tapgyrlaýyn hem-de maksatnamalaýyn durmuşa geçirilmelidir” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradowa degişli tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.