Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýun duşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyry hem-de Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak babatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, CNPC kompaniýasynyň prezidenti hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika ulgamynda özüni ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen CNPC-niň köpýyllyk gatnaşyklardaky oňyn ornuny kanagatlanma bilen belledi.
“CNPC-niň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynda “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň 18-nji iýunda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşandygy üçin hem-de energetika ulgamynda döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Işewür hytaýly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.
Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.