Lebaply telekeçiler $2 milliondan gowrak senagat önümlerini eksport etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply telekeçiler $2 milliondan gowrak senagat önümlerini eksport etdiler
Eksporta ugradylan harytlaryň arasynda akkumulýator batareýalary agdyklyk edýär.

Lebap welaýatynyň hususy kärhanalary 2022-nji ýylyň başyndan bäri 2 million 161 müň 758 ABŞ dollaryndan gowrak senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler.

Eksporta ugradylan harytlaryň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, polipropilen haltalar, akkumulýator batareýalary, geýim-gejimlik nah pagta, senagat garyndy suwuklygy agdyklyk edýär. Welaýatyň telekeçileriniň öndüren önümleri esasan Özbegistan, Türkiýe, Belarus, Owganystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Hytaý döwletlerine iberildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Iň köp girdeji getiren harytlaryň hatarynda gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan izogam bardyr. Bellenilişi ýaly, welaýat boýunça nah mata pamygyny öndürýän “Gaýrat”, akkumulýatorlar batareýasyny öndürýän “Kökçi”, çig ýag turşulygyny öndürýän “Döwrebap iş” hususy kärhanasy daşary döwletlere çykarýan önümleriniň mukdarlaryny barha artdyrýarlar.

Lebap welaýaty Türkmenistanyň gündogar böleginde ýerleşip, onuň merkezi Türkmenabat şäheridir. Lebap welaýaty Owganystan we Özbegistan döwletleri bilen araçäkleşýär.

2022