Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary derejeli diplomatlary Hazar sammitine garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary derejeli diplomatlary Hazar sammitine garadylar
Hazarýaka ýurtlarynyň 5-nji sammiti, Aktaw, Gazagystan, 12.08.2018

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýranyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan duşenbe güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň sammitini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejeli diplomatlar ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilişine we käbir sebit meselelerine garadylar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginň metbugat gullugy habar berdi.

Amir Abdollahiýan Tähranda iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda geçirilen duşuşygyň iki goňşy döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň giňelmegine möhüm täsir edýändigini aýtdy. Amir Abdollahiýan Aşgabadyň Hazarýaka ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň sammitini geçirmegine Eýranyň goldawyny tassyklady.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Tährana amala aşyran saparynyň dowamynda Eýranyň myhmansöýerligine ýokary baha berdi. R.Meredow bu sapary Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze bölüminiň başlangyjy hökmünde häsiýetlendirdi.

R.Meredow iki ýurduň Prezidentleriniň arasyndaky duşuşykda gazanylan şertnamalary ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň we hususy pudagyň eýranly kärdeşleri bilen duşuşmaga taýýardygyny aýtdy.

R. Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisini Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine ýene bir gezek çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti geçen hepde Eýrana iki günlük sapar amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ýurtlaryň arasynda dokuz sany özara düşünişmek Ähtnamasyna we bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

2022