Gyrgyzystanyň we Hindistanyň telekeçileri TDHÇMB-dan nah ýüplük satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystanyň we Hindistanyň telekeçileri TDHÇMB-dan nah ýüplük satyn aldylar
Gyrgyzystanyň wekili Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürilen nah ýüplügiň 40 müň kilogramyny satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda Gyrgyzystanyň we Hindistanyň telekeçileri dürli görnüşli nah ýüplügiň 400 müň kilogramyny satyn aldylar.

Gyrgyzystanyň wekili Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürilen nah ýüplügiň 40 müň kilogramyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 152 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni mälim etdi.

Hindistanly işewür dokma önümçiligi üçin agardylmadyk iki gatly nah ýüplügiň 360 müň kilogramyny satyn almaga şertnama baglaşdy. Onuň umumy bahasy 18,4 million manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 23,1 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022