“Mizemez gadam” izogam önümçiligini iki esse artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Mizemez gadam” izogam önümçiligini iki esse artdyrdy
Şu ýylyň başyndan bäri izogamyň 800 müň inedördül metri satuwa çykaryldy.

“Mizemez gadam” hususy kärhanasy şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda izogam önümçiligini iki esse artdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri izogamyň 800 müň inedördül metri satuwa çykaryldy.

Kärhanada izogamdan başga-da gurluşyk önümleriniň birnäçe görnüşi öndürilýär. Häzirki günlerde bu ýerde suwuk bitum mastikasynyň hem 3 müň 700 tonnasy çykaryldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1 müň 504 tonna golaý köpdür.

Şonuň ýaly-da kärhanada kerpijiň 2 million 323 müňden gowragy, keramiki plitalary ýelmeýji gury erginiň 320 tonna golaýy taýýarlanyldy.

“Mizemez gadam” hususy kärhanasynda geçen ýanwar-maý aýlarynda öndürilen izogamyň 308,71 müň inedördül metri, suwuk bitum mastikasynyň 1763,45 tonnasy Özbegistana we Türkiýä eksport edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022