Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini döretmegi teklip edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini döretmegi teklip edýär
Döwlet Baştutanymyz Hazarda önümçilik taýdan ýakynlaşmagy sebitde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda kesgitledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda Hazarýaka döwletleriniň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini döretmegi teklip etdi.

Ýokary derejede geçirilen sammite Hazar “bäşliginiň” döwlet Baştutanlary ‒ Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz Hazarda önümçilik taýdan ýakynlaşmagy sebitde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda kesgitledi.

Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň uly tebigy serişdelere, berk senagat we tehnologik kuwwata eýedigini belledi. Onuň sözlerine görä, şol serişdeleriň we kuwwatyň birleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlarynyň, “Ýakynlaşmak geçelgeleriniň” döredilmegi wajyp mesele bolup durýar we şeýlelikde hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidir.

“Hazarýaka ýurtlaryň maksatnamalaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermek zerurdyr. Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz göni gatnaşyk edip, amatly we maksadalaýyk ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýollaryny özbaşdak kesgitläp bilerdiler. Şunuň bilen baglylykda, özbaşdak, döwlete dahylsyz ulgam hökmünde Hazarýaka ýurtlarynyň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini, ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmegiň üstünde işlemek teklip edilýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Hazarýaka ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň Baştutanlarynyň VI sammitiniň netijeleri boýunça sammitiň Beýanaty kabul edildi.

2022