Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapat etmek meýliniň bardygyny mälim etdi.
“Gazpromyň” ýolbaşçylary ýakyn wagtda Türkmenistana geler” diýip, Putin çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen Hazar sammitinden soňra habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde mälim etdi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.
Russiýanyň Lideri energiýa hyzmatdaşlygynyň adaty ugurlarynda Moskwa bilen Aşgabadyň käbir şertnamalaryň dowam etdirilmegi barada ylalaşyklarynyň bardygyny belledi.
“Gazprom” 2019-njy ýylyň iýul aýynda “Türkmengaz” döwlet konserninden (2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli) tebigy gaz satyn almak barada bäş ýyllyk şertnama baglaşdy.
2021-nji ýylda Türkmenistan Russiýa takmynan 10 milliard kubmetr tebigy gaz iberdi. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köpdür.