Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 14 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi.
Manat serişdelerine BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplük hem-de pagta soapstogynyň çig ýag turşulygyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 877 müň manatdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 47 million 649 müň manatdan gowrak bolan, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.