“Türkmenhowaýollary” agentligi şenbe güni türkmen haj zyýaratçylary üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ýörite uçar gatnawyny gurnady.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp bolan dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda gurnalan ýörite uçar gatnawy agentligiň hasabyna amala aşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iýun aýynyň başynda umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etdi. Döwlet Baştutanymyz bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular we eneler hem gitdiler.