Türkmenistanyň DIM-i Özbegistanda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň DIM-i Özbegistanda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýär
Türkmenistan ýakyn goňşusy bolan Özbegistana zerur bolan dost-doganlyk goldawyny we ýardamyny bermäge taýýardygyny mälim edýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda soňky günlerde Özbegistanyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berdi.

Daşary syýasat edarasy Özbegistanyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem raýatlaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar.

“Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly häsiýetleri ýurtdaky ýüze çykýan ähli meseleleri we kynçylyklary ýeňip geçjekdigine, şeýle hem Özbegistanyň döwlet we jemgyýet institutlarynyň durnukly ösüşini üpjün etjekdigine berk ynanýarys” diýip, Türkmenistanyň DIM-i belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýakyn goňşusy bolan Özbegistana zerur bolan dost-doganlyk goldawyny we ýardamyny bermäge taýýardygyny mälim edýär.

Türkmenistan Özbegistan bilen 1,8 müň kilometre golaý araçägi paýlaşýar.

2022