Türkiýeli we owganystanly telekeçiler TDHÇMB-da ECO-5 dizel ýangyjyny satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýeli we owganystanly telekeçiler TDHÇMB-da ECO-5 dizel ýangyjyny satyn aldylar
Söwdalarda dizel ýangyjynyň bir tonnasy 1 müň 308,50 ABŞ dollaryna satyldy.

Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda ECO-5 (sort-D) görnüşli suw bilen arassalanan dizel ýangyjynyň jemi 3 müň tonnasyny satyn aldylar.

Söwdalarda dizel ýangyjynyň bir tonnasy 1 müň 308,50 ABŞ dollaryna satyldy, bu bolsa soňky söwdalardaky baha bilen deňeşdirilende, 5,3% ýokarlandy. Haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy 3,9 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni mälim etdi.

Şeýle hem, Türkiýäniň wekili manat serişdelerine Dokma senagaty ministrliginde öndürilen nah ýüplügiň 12 müň kilogramyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 390 müň manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 14 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022