Türkmenabadyň himiýa zawody 135 müň tonnadan gowrak fosfor dökünlerini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň himiýa zawody 135 müň tonnadan gowrak fosfor dökünlerini öndürdi
Kärhana boýunça şu ýylyň ilkinji alty aýynda kükürt kislotasynyň 58 müň tonnadan gowragy öndürildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň himiýa zawody şu ýylyň başyndan bäri oba hojalygy üçin möhüm serişde bolan fosforly mineral döküniniň, ýagny ammonili superfosfatyň 135 müň tonnadan gowragyny öndürdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşi ýaly, kärhana boýunça şu ýylyň ilkinji alty aýynda kükürt kislotasynyň 58 müň tonnadan gowragy öndürildi.

Şeýle hem, ýylyň başyndan bäri Türkmenabadyň himiýaçylary 120 müň kubmetr kislorod öndürdiler.

Mundan başga-da, kärhanada zyýansyzlandyryjy serişde bolan hlorly hekiň 216 tonnasy, oba hojalyk ulgamynda ekinleri zyýankeşlerden goramaklyga niýetlenen kükürtli himiki serişdeleriň 2 müň 200 tonnasy öndürildi.

Kärhanada keramiki önümleriň dürli görnüşleriniň, polietilen turbalarynyň hem-de çelekleriň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Önümhanalaryň 26-syny özüne birleşdirýän kärhanada häzirki wagtda jemi 1 müň 400-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

2022