Gyrgyzystanda Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystanda Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň bu çärä gatnaşmak çakylygyny kabul edendikleri mälim edildi.

Gyrgyzystanda şu ýylyň 21-nji iýulynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygy geçiriler.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk işleri we maslahatyň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, sammit Yssyk-Kölüň kenaryndaky syýahatçylyk zolagy bolan Çolpon-Ata şäherinde geçiriler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň bu çärä gatnaşmak çakylygyny eýýäm kabul edendikleri nygtaldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji sammiti 2018-nji ýylyň mart aýynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda, ikinjisi – 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde, üçünjisi – 2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.

2022