“Lotta Business Group” autsorsing jaň merkezi hyzmatlaryny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lotta Business Group” autsorsing jaň merkezi hyzmatlaryny hödürleýär
Autsorsing merkezi kompaniýalara operatorlary işe almak we gymmat bahaly enjamlary satyn almak zerurlygyny aradan aýyrmak bilen olara pul serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda köpugurly “Lotta Business Group” kompaniýasy “Lotta-Line” jaň merkezi hyzmatlaryny hödürleýär.

Kompaniýanyň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda “Lotta-Line” hyzmatynyň kärhanalara öz jaň merkezlerini “autsorsing” etmek üçin tygşytly, ussat we täsirli çözgüdini hödürleýändigini aýtdy.

Kompaniýanyň jaň merkeziniň esasy ugurlary müşderilere telefon arkaly maslahat bermekden, internet dükanlarynyň, dermanhanalaryň we hyzmat kompaniýalarynyň sargytlaryny almakdan we gaýtadan işlemekden, mahabat we arzanladyşlar barada müşderilere habar bermekden, önümleri ýa-da hyzmatlary telefon arkaly mahabatlandyrmakdan, şeýle hem seljermekden we müşderiler bilen işleşmekden ybaratdyr.

Autsorsing merkezi kompaniýalara operatorlary taýýarlamak ýa-da işe almak we gymmat bahaly enjamlary satyn almak zerurlygyny aradan aýyrmak bilen olara ep-esli pul serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň wekili kärhanalaryň “Lotta-Line” bilen hyzmatdaşlykda goşmaça ösüş, şol sanda ösüş üçin goşmaça ugur we ýokary hilli hyzmatyň kömegi bilen bazarda oňyn orunlary gazanyp biljekdiklerinin aýtdy. “Lotta-Line” merkezinde zähmet çekýän operatorlaryň müşderiler bilen türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde erkin sorag jogap alyşmak we maslahat bermek mümkinçiligi bardyr.

“Lotta-Line” müşderiniň alyp barýan işlerine laýyklykda sorag-jogap senariýasyny (скрипт) düzip, ylalaşýar we oňa görä iş alyp barýar.

Jaň merkezinden başga-da, “Lotta Business Group” kompaniýasy onlaýn gozgalmaýan emläk bazary “Jaýym”, b2b (business to business) elektron söwda platformasy “Dükanym”, b2c (business to consumer) elektron söwda platformasy “Emaycosmetics.com”, elektron eşik dükany “TheOuts”, grafik dizaýn we interýer agentligi  “Unite”, maslahat beriş kompaniýasy “Arassa Nusga” we önüm distribýutor kompaniýasy “Lotta Distribution” ýaly birnäçe kärhanany dolandyrýar.

“Lotta-Line” jaň merkezi bilen habarlaşmak üçin:

Salgysy: Türkmenistan, ş.Aşgabat, G.Kulyýew köçesi, 82 (Kendir binasy)

Telefon belgiler: +99312 754799

                          +99362118222

                          +99365829656

Elektron poçta: k.yusupova@lotta-tm.com

2022