Türkmenistan Gurban baýramyny belleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Gurban baýramyny belleýär
Baýramçylyk meýdançalarynyň töwereginde ak öýler dikilip, halkymyzyň asylly däbine görä, toý gazanlary ataryldy, saçaklar giňden ýazyldy.

Gurban baýramynyň ilkinji gününde, şenbe güni welaýatlaryň merkezindäki baş metjitlerde we beýleki ähli metjitlerde baýram namazy okaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ýurdumyzyň sebitlerindäki “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňünde, Änew şäherindäki merkezi seýilgähde guralan dürli görnüşli çäreler aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy.

Baýramçylyk meýdançalarynyň töwereginde ak öýler dikilip, halkymyzyň asylly däbine görä, toý gazanlary ataryldy, saçaklar giňden ýazyldy.

“Eziz watandaşlar, sizi mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de maşgala rowaçlygyny arzuw edýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda aýtdy.

Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we tutuş halkyň adyna birnäçe ýurtlaryň Baştutanlaryndan gutlag hatlary gelip gowuşdy.

 

2022