Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy şu ýylyň geçen alty aýynda umumy bahasy 4 million 912 müň manada barabar bolan önüm öndürdi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, Ýod önümçiligi kärhanasynda taýýarlanýan ekologiýa taýdan arassa serişdelere içerki we daşarky bazalarda uly isleg bildirilýär.
Kompaniýanyň ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge mümkinçiligi bardyr.
Şeýle hem, kärhananyň önümleri stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda ulanylýar.
Şikes ýetme we hirurgiýa görnüşli ýaralary arassalamak, bioserişdeleri synag üçin almak, barlamak, özbaşdak ulanmak ýaly ýagdaýlarda ýoduň ähmiýeti uludyr.