“Elle” we “Ilkent” haryt nyşanly miwe suwlarynyň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TURKMENISTAN
“Elle” we “Ilkent” haryt nyşanly miwe suwlarynyň önümçiligi ýola goýuldy
Bu hojalyk jemgyýete degişli önümçilik desgasynyň her aýda 4,5 million litr miwe suwuny öndürmäge mümkinçiligi bardyr.

“Sada suw” hojalyk jemgyýeti golaýda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanasynda “Elle” we “Ilkent” haryt nyşanly miwe suwlarynyň önümçiligini ýola goýdy.

Häzirki wagtda önümçilik desgasynda suwlaryň 9 görnüşi öndürilip, olar 0,5 we 0,25 litrlik çüýşelere guýulýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy geçen anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu hojalyk jemgyýete degişli önümçilik desgasynyň her aýda 4,5 million litr miwe suwuny öndürmäge mümkinçiligi bardyr.

“Sada suw” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik desgasy Türkiýäniň döwrebap tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr we ol ýerde ýaşlaryň onlarçasy zähmet çekýär. Kompaniýanyň harytlary ýurdumyzyň ähli söwda nokatlarynda ilata ýetirilýär.

2022