Ilkinji Russiýa-Hindistan ýük otlusy Türkmenistandan geçdi

BIZNES TURKMENISTAN
Ilkinji Russiýa-Hindistan ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Moskwanyň golaýyndaky “Çehow” stansiýasyndan ugran otly 39 sany konteýner daşaýar. (Surat: IRNA)

Hindistana tarap ugran Russiýanyň ilkinji ýük otlusy sişenbe güni Türkmenistan bilen serhetleşýän Sarahs serhedinden Eýranyň çägine girdi. Bu barada IRNA agentligi habar berýär.

39 sany konteýnerli otly Moskwanyň golaýyndaky “Çehow” stansiýasyndan geçen hepde ugrady we Eýrana girmek üçin Gazagystan bilen Türkmenistandan 3 müň 800 kilometr ýol geçdi.

Soňra ýük otlusy 1 müň 600 kilometr demir ýol arkaly Eýranyň günortasyndaky Bandar Abbas portuna ugradylar. Daşama intermodal bolup, deňiz gatnawyny hem öz içine alýar. Bu deňiz gatnawynyň soňky barjak ýeri Hindistanyň Mumbaý şäherindäki Nawa Şewa portudyr.

Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan otlusynyň 35-37 günüň dowamynda barmagyna garaşylýar we ýol uzaklygy 8 müň kilometrden geçýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022