Özbegistanyň Buhara şäherinde çarşenbe güni geçirilen Türkmen-özbek sebitara forumynyň dowamynda 451 million ABŞ dollaryna deň bolan 40-a golaý resminalar toplumyna gol çekildi. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlary we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, “Sputnik.uz” agentligi habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça resminamalar eksport we import amallary şertnamalaryndan ybaratdyr. Hususan-da, türkmen telekeçileri özbegistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe ylalaşyk gazandylar.
Gol çekilen resminamalara laýyklykda, oba hojalyk önümleri, azyk we gurluşyk, senagat ugurly harytlary birek-birege eksport we import etmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, bilelikdäki haly öndürýän kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar.