“Galkynan ykbal” ýakynda Daşoguzda gurluşyk materiallaryny öndürýän zawodyny işe girizer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Galkynan ykbal” ýakynda Daşoguzda gurluşyk materiallaryny öndürýän zawodyny işe girizer
Kärhananyň işe girizilmegi bilen bu ýerde ýylda 200 tonna suwly-emulsiýa reňki we 500 tonna kafel ýelimi öndüriler.

“Galkynan ykbal” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda suwly - emulsiýa reňkini we kafel ýelimini öndürjek ilkinji kärhananyň gurluşygyny alyp barýar. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar berşi ýaly, häzirki wagtda bu desganyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 

Bir gektar meýdany tutýan kärhananyň önümçilik bölümleriniň binalarynyň, suw howdanynyň gurluşygy tamamlanyp, taýýar önümleri ýerleşdirmäge niýetlenen dükanyň içki bezeg işleri amala aşyrylýar. 

Kärhananyň işe girizilmegi bilen bu ýerde ýylda 200 tonna suwly-emulsiýa reňki we 500 tonna kafel ýelimi öndüriler.

2022