Gazagystanyň we Owganystanyň telekeçileri TDHÇMB-da tehniki kükürt satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanyň we Owganystanyň telekeçileri TDHÇMB-da tehniki kükürt satyn aldylar
Söwdalarda bir tonna kükürdiň bahasy 230 ABŞ dollaryndan satyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalarynda Gazagystanyň we Owganystanyň telekeçileri külkelenen tehniki kükürdiň 30 müň tonnasyny satyn aldylar.

Söwdalarda bir tonna kükürdiň bahasy 230 ABŞ dollaryndan satyldy. Gazagystanly telekeçi jemi 4,6 million ABŞ dollaryna deň bolan külkelenen kükürdiň 20 müň tonnasyny, owganystanly telekeçi bolsa umumy bahasy 2,3 million ABŞ dollaryna deň bolan bu önümiň 10 müň tonnasyny satyn aldy. Bu barada TDHÇMB anna güni mälim etdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 55 million 399 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022