Iýul II hepde: eksport geleşikleri $55 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iýul II hepde: eksport geleşikleri $55 milliondan geçdi
Daşary ýurt telekeçileri TNGIZT-de öndürilen awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 55 million 399 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we Ermenistanyň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri hem-de guradylan buýan köki ýerlenildi.

BAE-niň we Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri 13 million manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022