Iýul III hepde: eksport geleşikleri $41 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iýul III hepde: eksport geleşikleri $41 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçiler TNGIZT-da öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 41 million 403 ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, göni arassalanan benzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen granulirlenen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bu önüm Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň hem esasyny düzdi. Şeýle-de daşary ýurt pulunda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine bahasy 2 million 363 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 80 million 270 müň manatdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022