Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew arasynda duşuşyk, 15-nji iýul, 2022, Samarkant, Özbegistan (Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn, ygtybarly goňşymyz bolan Özbegistan Respublikasy bilen biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny nygtady. “Biziň ýaňy-ýakynda bolan duşuşyklarymyz we gepleşiklerimiz hem-de Siziň ajaýyp ýurduňyza amala aşyran ilkinji saparymyň dowamynda gol çekilen köp sanly resminamalar muny aýdyň tassyklaýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň iki ýurduň we halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirýändigini aýdyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagt, alyp barýan işlerinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýowyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynyň başynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine döwlet sapary bilen bardy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 322 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,2% ýokarlandy.

2022