Pakistan bilen Türkmenistan TOPH taslamasynyň wagtynda tamamlanmagyny maslahatlaşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Pakistan bilen Türkmenistan TOPH taslamasynyň wagtynda tamamlanmagyny maslahatlaşdy
Taraplar energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollaryna garadylar. (Surat: Pakistanyň Daşary işler ministri Bilawal Butto Zardariniň “Twitter” sahypasy)

Pakistanyň Daşary işler ministri Bilawal Butto Zardari Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşenbe güni Yslamabatda geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň wagtynda tamamlanmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Bilawal Butto özüniň “Twitter” hasabynda belleýşi ýaly, pakistan-türkmen gatnaşyklaryny dostukly diýip häsiýetlendirdi.

Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklaryny hem-de energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollaryna hem garadylar.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

2022