TDHÇMB-da 3 müň tonna dizel eksporta satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da 3 müň tonna dizel eksporta satyldy
Türkmen dizel ýangyjynyň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 2,7% arzanlady.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarynda Owganystanyň telekeçileri 3 müň tonna gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Türkmen dizel ýangyjynyň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 2,7% arzanlady we bir tonnasynyň bahasy 1 müň 143 ABŞ dollaryna deň boldy. Dizel ýangyjy boýunça geleşikleriň umumy bahasy 3 million 400 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB çarşenbe güni mälim etdi.

Şeýle hem, Gyrgyzystandan gelen telekeçi söwdalarda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 149 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 41 million 403 ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022