Türkmenistanda temmäki önümlerine salgyt ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda temmäki önümlerine salgyt ýokarlandy
Temmäki önümlerine salynýan goşmaça tölegleriň gümrük bahasynyň 93%-e we her gap üçin 4 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy.

Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän temmäki önümlerine we senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylarynyň goşmaça töleg salgydy ýokarlandyryldy.

“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny “Türkmenistan” gazetiniň anna günündäki sanynda çap edildi. Degişli Kanuna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji iýulynda gol çekdi.

Üýtgetmelere görä, temmäki önümlerine salynýan goşmaça tölegleriň gümrük bahasynyň 93%-e we her gap üçin 4 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. Temmäki önümler üçin ozalky goşmaça töleg gümrük bahasynyň 74%-i we her gap üçin 3 ABŞ dollary möçberinde hasaplanýardy.

Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we senagat temmäki çalşyryjylarynyň goşmaça tölegi 15,6% -den 19,5%-e çenli ýokarlandy.

 “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanuna üýtgetmeler girizýän, täze salgytlary belleýän ýa-da hereket edýän salgytlary üýtgedýän Türkmenistanyň kanunlary resmi taýdan çap edilen gününden başlap bir aýyň geçmegi bilen, ýöne degişli salgyt boýunça nobatdaky hasabat döwri tamamlanandan soň gelýän aýyň 1-inden ir bolmadyk möhletde  güýje girýär.

Şu Bitewi kanun Türkmenistanyň Döwlet býujetine alynýan salgytlaryň ulgamyny, salgyt salmagyň umumy ýörelgelerini, salgytlary tölemek boýunça borçlaryň ýüze çykmagynyň (üýtgemegini, bes edilmegini) esaslaryny we ýerine ýetirmegiň tertibini, salgyt töleýjileriň, salgyt edaralarynyň hukuklaryny we borçlaryny, salgyt gözegçiliginiň görnüşlerini we usullaryny, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçiligi, salgyt edaralarynyň çözgütlerinden we olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerinden şikaýat etmek hukugyny belleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022