Türkmenistanda awgust aýynda birnäçe çäreler geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda awgust aýynda birnäçe çäreler geçiriler
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 1-nji awgustynda “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyna garamazdan, birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 1-nji awgustynda “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Şeýle-de 3-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Ýüpek Ýoly-2022” atly halkara ýaryşda we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy geçirer.

Milli Geňeşiň Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň 5-nji awgustda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşar.

8-nji awgustda möhüm Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň ugrunda, Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler.

15-16-njy awgustda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow şu ýylyň 6-njy awgustynda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara serginiň hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu çäreler Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriler.

Giňişleýin mejlisiň dowamynda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de döwlet durmuşynyň beýleki käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022