Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda ýerleşýän telekeçi Z.Döwletowa degişli miwe kişdesini öndürýän hususy kärhananyň işgärleri iki tonnadan gowrak alma kişdesini satuwa taýýarladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Mundan başga-da, Görogly etrabynda ýerleşýän hususy kärhana möwsümiň başynda ilkinji 300 kilogram erik we 150 kilogram alma kişdesini öndürdi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýöriteleşdirilen önümçiligiň ikisinde-de gerekli enjamlar, şol sanda miweleri ýuwýan, bölekleýän, guradýan, hilini kesgitleýji we miweleri ýokary hil derejesine laýyklykda kesmek, şänigini aýyrmak, gaplamak üçin zerur bolan ähli enjamlar bardyr.
Hususy kärhanalaryň her biri möwsümde 100 tonna çenli kişde önümlerini öndürmäge ukyplydyr.