Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligine reanimasiýa we intensiw terapiýa bölümleri üçin lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy. Bu barada BMGÖM duşenbe güni mälim etdi.
Enjamlaryň gowşurylmagy Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. Umumy bahasy 222 müň 300 ABŞ dollaryna deň bolan enjamlaryň hatarynda ultrases enjamlary, defibrilýatorlar, kardiomonitorlar, pulsoksimetrler we infragyzyl termometrler bardyr.
20 million ABŞ dollarlyk taslama BMGÖM we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligi tarapyndan ÝUNISEF hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde ýurduň COVID-19 pandemiýasyna garşy taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.
Taslamanyň çäginde şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligine 970 müň ABŞ dollaryna deň bolan lukmançylyk önümleriniň bir tapgyry gowşuryldy.