Türkmenistana bahasy $969 müňden gowrak bolan lukmançylyk serişdeleri gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana bahasy $969 müňden gowrak bolan lukmançylyk serişdeleri gowşuryldy
Tapgyr antibedenjikler testlerinden, sanly ykjam rentgen gurallarynyndan we derman serişdelerinden ybarat boldy. (Surat: BMGÖM)

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligine umumy bahasy 969 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan lukmançylyk serişdelerini gowşurdy. Bu barada BMGÖM duşenbe güni habar berdi.

Bu tapgyr Bütindünýa banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek” taslamasynyň çäklerinde gowşuryldy. Tapgyr antibedenjikler testlerinden, sanly ykjam rentgen gurallarynyndan we derman serişdelerinden ybarat boldy.

Taslamanyň wezipesi COVID-19 pandemiýasyna taýýarlylygy ýokarlandyrmaga we oňa jogap bermäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň aprel aýynda BMGÖM tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19 ýokanjyny anyklamak üçin Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PRZ) testleriniň nobatdaky tapgyry gowşuryldy. Tapgyr jemi 193 müň testden ybarat bolup, onuň bahasy 998 müňden gowrak ýewro barabardyr.

2022