Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýolbaşçylary Eýranyň Türkmenistan bilen alyş-çalyş şertnamasy boýunça Azerbaýjana gaz üpjünçiligini artdyrmak meýilnamasynyň çäginde Hazar deňziniň boýunda gurulýan esasy gaz geçiriji taslamasynyň tamamlaýjy tapgyrdadygyny mälim etdiler. Bu barada Eýranyň “PressTV” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
NIGC-iň sorag jogap bölüminiň başlygy Mohammad Reza Joulaýi ýekşenbe güni Raşt-Çelawand turbageçirijisiniň ýakyn günlerde gaz geçirmäge taýýar ediljekdigini aýtdy.
Mohammad Reza Joulaýi Eýranyň Nebit ministrliginiň “Shana” metbugat gullugyna beren beýanatynda 150 kilometrlik gaz geçirijisiniň Eýranyň Azerbaýjan bilen gaz üpjünçiliginde uly ähmiýete eýedigini belledi.
NIGC Eýranyň demirgazygyndaky sowuk sebitlerde gaz geçiriji ulgamyny giňeltmek maksady bilen, Raşt-Çelawand gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlady.
Bellenilişi ýaly, şeýle-de bolsa, bu taslama 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjan-Eýran-Türkmenistan üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy şertnamasyna gol çekileninden soňra işjeňleşdirildi.
Üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekildi. Bu şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Resminama laýyklykda, ýylda 2 milliard kubmetre çenli türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylar.