“Peragat” kompaniýasy önümlerini eksport etmegiň ugrunda işleýär

BIZNES TURKMENISTAN
“Peragat” kompaniýasy önümlerini eksport etmegiň ugrunda işleýär
Kärhananyň ýylda 1 million şertli banka önüm öndürmäge mümkinçiligi bar.

Häzirki wagtda “Peragat” hojalyk jemgyýeti “Nesil” haryt nyşanly kompotlary we marinada ýatyrylan önümleri Russiýa, Belarusa, Özbegistana we Gazagystana ugratmak boýunça işewürlik geleşiklerini baglaşýar. Bu barada “Rysgal’ gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kompaniýa “Ne­sil” ha­ryt ny­şan­ly be­ýi, al­ça, erik, nar, şet­da­ly, ýer­tu­da­na, ül­je, it­bu­run, bö­würs­len we feý­hoa ýa­ly mi­we­ler­den dür­li gör­nüş­li kom­pot­lary hem-de ma­ri­na­da ýa­ty­ry­lan po­mi­dory, hy­ýary, aji­kany ön­dü­r­ýär.

Bellenilişi ýaly, taýýar önüm­ler dür­li öl­çeg­dä­ki çüý­şe gap­la­ra gap­la­nyl­ýar. Kär­ha­na­nyň ýyl­da 1 mil­li­on şert­li ban­ka önüm ön­dür­mä­ge müm­kin­çili­gi bar. Gök önüm­ler­dir mi­we­ler ýer­li daý­han­lar­dan sa­tyn al­nyp, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär.

Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk etra­bynyň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Peragat” kompaniýasy 2018-nji ýyldan bäri kompotlaryň we marinada ýatyrylan önümleriň önümçiligini alyp barýar.

2022