Häzirki wagtda “Peragat” hojalyk jemgyýeti “Nesil” haryt nyşanly kompotlary we marinada ýatyrylan önümleri Russiýa, Belarusa, Özbegistana we Gazagystana ugratmak boýunça işewürlik geleşiklerini baglaşýar. Bu barada “Rysgal’ gazeti duşenbe güni habar berdi.
Kompaniýa “Nesil” haryt nyşanly beýi, alça, erik, nar, şetdaly, ýertudana, ülje, itburun, böwürslen we feýhoa ýaly miwelerden dürli görnüşli kompotlary hem-de marinada ýatyrylan pomidory, hyýary, ajikany öndürýär.
Bellenilişi ýaly, taýýar önümler dürli ölçegdäki çüýşe gaplara gaplanylýar. Kärhananyň ýylda 1 million şertli banka önüm öndürmäge mümkinçiligi bar. Gök önümlerdir miweler ýerli daýhanlardan satyn alnyp, döwrebap tehnologiýalar esasynda gaýtadan işlenilýär.
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän “Peragat” kompaniýasy 2018-nji ýyldan bäri kompotlaryň we marinada ýatyrylan önümleriň önümçiligini alyp barýar.