“Ýeňiş” tikin fabrigi 19,5 million manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýeňiş” tikin fabrigi 19,5 million manatlyk önüm öndürdi
Häzirki wagtda tikin fabriginde okuwçy oglan-gyzlar üçin niýetlenilen ak köýnekler hem-de zähmet dersinde geýer ýaly egin-eşikler taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary şäherindäki “Ýeňiş” tikin fabriginde 2022-nji ýylyň başyndan bäri 19 million 548 müň  422 manatlyk ýokary hilli harytlyk önümleri öndürildi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi sişenbe güni habar berdi.

Kärhanada önümçilik üçin çig mallar Ruhabat, Türkmenbaşy dokma toplumlaryndan we Türkmenabadyň Ýüpek önümçilik birleşiginden alynýar. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr.

Häzirki wagtda tikin fabriginde okuwçy oglan-gyzlar üçin niýetlenilen ak köýnekler hem-de zähmet dersinde geýer ýaly egin-eşikler taýýarlanylýar.

Bellenilişi ýaly, kärhanada ulular we çagalar üçin taýýarlanýan köýnekler bilen birlikde ýörite buýurmalara laýyklykda harby gullukçylar üçin jalbarlar hem-de köýnekler tikilýär.

1992-nji ýylda esaslandyrylan “Ýeňiş” tikin fabriginde jemi 430 sany hünärmen zähmet çekýär. Tikin fabrigi 3 sany tikin sehinden, biçimçilik, tejribe sehlerinden, 2 sany ütükleýji we gaplaýjy bölümlerinden ybaratdyr. Kärhana önümlerini ýöriteleşdirilen we onlaýn dükanlaryň üsti bilen alyjylara hödürleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022