BMGÖM Türkmenistana zyýansyzlandyryjy pürküjiler tapgyryny gowşurdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMGÖM Türkmenistana zyýansyzlandyryjy pürküjiler tapgyryny gowşurdy
Zyýansyzlandyryjy pürkijileriň gowşurylmagy Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. (Surat: BMGÖM)

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň hökümetine zyýansyzlandyryjy pürküjileriň 1 müň 500 sanysyny gowşurdy. Bu barada BMGÖM çarşenbe güni mälim etdi.

Zyýansyzlandyryjy pürkijileriň gowşurylmagy Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň çäginde amala aşyryldy.  

20 million ABŞ dollarlyk taslama BMGÖM we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligi tarapyndan ÝUNISEF hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde ýurduň COVID-19 pandemiýasyna garşy taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.

Şu ýylyň awgust aýynyň başynda BMGÖM Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligine reanimasiýa we intensiw terapiýa bölümleri üçin lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy. Umumy bahasy 222 müň 300 ABŞ dollaryna deň bolan enjamlaryň hatarynda ultrases enjamlary, defibrilýatorlar, kardiomonitorlar, pulsoksimetrler we infragyzyl termometrler bardyr.

2022