Russiýa Türkmenistandan geçýän ulag geçelgelerini ösdürmekçi

BIZNES TURKMENISTAN
Russiýa Türkmenistandan geçýän ulag geçelgelerini ösdürmekçi
Türkmenistanyň we Russiýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasy arkaly daşalýan harytlaryň mukdaryny köpeltmek meselesiniň hem üstünde işlenilýär. (Surat: Trend.az)

Russiýa Türkmenistanyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrligi Azerbaýjanyň “Trend” agentligine çarşenbe güni habar berdi.

“Häzirki wagtda rus kompaniýalary “Demirgazyk-Günorta” (Russiýa Federasiýasy-Pars aýlagy) awtoulag geçelgesini ösdürmek taslamasynyň we Türkmenistandaky awtoulag ýolunyň bir böleginiň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler” diýip, ministrlik belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Russiýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasy arkaly daşalýan harytlaryň mukdaryny köpeltmek meselesiniň hem üstünde işlenilýär.

“Hazar deňzindäki rus portlary we Türkmenbaşy porty ätiýaçlyk kuwwatyna eýedir. Bu nukdaýnazardan, ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyna ýükleri çekmek üçin iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyk meselesi aýratyn möhümdir” diýip, Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrligi aýtdy.

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa ýagdaýlar bilen bagly Türkmenbaşy portuna girizilen berk çärelere garamazdan, geçen ýyl Türkmenistanyň ýük daşamalarynyň ösüşi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 28% ýokarlandy.

2022