Türkmenistan bilen Özbegistan ýük daşamalarynyň ýönekeýleşdirilmegine garady

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistan ýük daşamalarynyň ýönekeýleşdirilmegine garady
Duşuşykda özbek tarapy iki ýurduň arasyndaky ýolagçy gatnawyny guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip etdi.

Özbegistanda duşenbe we sişenbe günleri geçirilen ulag meseleleri boýunça türkmen-özbek iş toparynyň duşuşygynyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda ýük awtoulaglarynyň (TIR) daşalmagynyň gaýtadan öňki ýagdaýyna doly dikeldilmegine, şeýle hem harytlaryň daşalmagy üçin talaplary ýönekeýleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar talaplary ýönekeýleşdirmek we ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin ýurda giriş wizalaryny tiz wagtda almaklygy yola goymaklygy teklip berdiler. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar demirýol we awtoulag ýollary bilen ýük gatnawynyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, ulag geçelgelerini ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Şeýle-de duşuşykda özbek tarapy iki ýurduň arasyndaky ýolagçy gatnawyny guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip etdi. Taraplar Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelegesine gatnaşyjylaryň hemmesi bilen Aşgabat şertnamasynyň çäginde işi güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, iki ýurduň resmileri halkara ýük gatnawyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly beýleki amaly meselelere garadylar. Duşuşygyň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

2022