Türkmenistan bilen Eýran oba hojalygy hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurlygyny nygtady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Eýran oba hojalygy hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurlygyny nygtady
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary oba hojalyk tehnikalarynyň Eýrandan Türkmenistana eksport etmegiň mümkinçiligini nygtady. (Surat: Eýranyň Daşary işler ministrligi)

Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa meseleleri boýunça orunbasary Mehdi Safari we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow duşenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy we daşky gurşaw pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Duşuşyk deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde geçirildi.

Safari Dostluk bendiniň gurluşygynda Eýranyň gazanan üstünlikli tejribesine ünsi çekdi we eýran kompaniýalarynyň Türkmenistany tohumy modifikasiýalaşdyrmagyň tehniki nou-haulary bilen üpjün etmäge we ýurtda modifikasiýalaşdyrylan agaçlary köpeltmäge taýýardyklaryny aýtdy. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem, Safari ösümlikleri goramak üçin serişdeler we traktorlar ýaly oba hojalyk tehnikalarynyň Eýrandan Türkmenistana eksport etmegiň mümkinçiligini nygtady. Duşuşygyň dowamynda Annageldi Ýazmyradow eýran tarapynyň tekliplerine oňyn baha berdi hem-de oba hojalygy we daşky gurşaw pudaklarynda söwda we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Mehdi Safari Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

2022