Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistandaky söwda merkezinde bolan partlama zerarly gynanjyny bildirdi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistandaky söwda merkezinde bolan partlama zerarly gynanjyny bildirdi
Ermenistanda çarşenbe güni “Surmalu” söwda merkezindäki partlama zerarly ejir çekenleriň hatyrasyna iki günlük ýas yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana Ýerewan şäherindäki “Surmalu” söwda merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Çarşenbe güni Ermenistanyň häkimiýetleri “Surmalu” söwda merkezinde partlama we ýangyn sebäpli, 16 adamyň aradan çykandygyny we iki adamyň dereksiz ýitendigini mälim etdi.

Ermenistanyň hökümetiniň geçiren soňky gözleg işlerine görä, partlama feýerwerk saklanýan ammaryň ýarylmagy netijesinde ýüze çykandygy anyklanyldy.

Ermenistanda çarşenbe güni “Surmalu” söwda merkezindäki partlama zerarly ejir çekenleriň hatyrasyna iki günlük ýas yglan edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022