Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarynda benzin, arassalanan dizel ýangyjy, ýokary dykyzlykly polietilen eksporta satyldy.
Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler umumy bahasy 432,8 müň ABŞ dollaryna deň bolan göni işlenilen benziniň 700 tonnadan gowragyny satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 14,6% arzanlap, bir tonnasynyň bahasy 596,25 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB çarşenbe güni mälim etdi.
Owganystanyň wekili 831,8 müň ABŞ dollaryna barabar bolan arassalanan dizel ýangyjynyň 800 tonnasyny satyn aldy. Önümiň bahasy 9% arzanlap, onuň bir tonnasy 1039,75 ABŞ dollaryna satyldy.
Türkiýeli we owganystanly telekeçiler jemi 10 müň tonna A-95 görnüşli awtoulag benzini satyn aldylar. Baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 8,8 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Ýangyjyň bahasy 6% arzanlap, onuň bir tonnasy 880,25 ABŞ dollaryndan satyldy.
Şweýsariýadan, BAE-den, Özbegistandan hem-de Owganystandan gelen işewürler söwdalarda umumy bahasy 10,6 million ABŞ dollaryna deň bolan TS-1 uçar kerosininiň 9,6 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 1107,50 ABŞ dollaryna deň bolup, onuň bahasy ozalky söwdalar bilen deňeşdirilende 6,7% arzanlady.
Içerki bazar üçin ýerli telekeçi umumy bahasy 3,9 million manada deň bolan ýokary dykyzlykly T60-475-119 görnüşli polietilen satyn aldy.
TDHÇMB-da sişenbe güni umumy bahasy 20,6 million ABŞ dollaryna we 3,9 million manada deň bolan 25 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million 251 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.