Türkmenistan, Özbegistan, Eýran halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmegi ylalaşdylar

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan, Özbegistan, Eýran halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmegi ylalaşdylar
Duşuşyklarda ýükleriň daşalmagynda ýeňilikleri we amatly şertleri döretmek arkaly ulag we logistika pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan, Özbegistan we Eýran halkara ýük daşama düzgünini ýönekeýleşdirmek barada ylalaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 15-16-njy awgustda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Özbegistanyň Ulag ministri Ilhom Mahkamow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew hem-de Eýranyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Rostam Kasemi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Duşuşyklarda ýükleriň daşalmagynda ýeňilikleri we amatly şertleri döretmek arkaly ulag we logistika pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmileri Aşgabat Ylalaşygynyň çäklerinde Özbegistan-Türkmenistan-Eýran halkara ulag we üstaşyr geçelgesi boýunça Türkiýä (Wan kölüniň üsti bilen) intermodal daşamalary guramak, awtoulaglar üçin tölegleri azaltmak, sürüjileriň wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek barada ylalaşdylar.

Özbegistan we Eýran halkara awtoulaglar üçin paçlary we tölegleri azaltmak, Çabahar portundan Özbegistana synag ýüklerini ibermek, Hytaý-Ýewropa ulag geçelgesinde Özbegistanyň üsti bilen ýük gatnawyny ösdürmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistan, Eýran, Özbegistan we Gazagystan sişenbe güni halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyk (Aşgabat ylalaşygy) boýunça jemleýji goşmaça teswirnama gol çekdiler.

2022