Aşgabat ylalaşygy boýunça goşmaça teswirnama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat ylalaşygy boýunça goşmaça teswirnama gol çekildi
Bu resminama Awazada Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň utgaşdyryjy geňeşiniň ikinji mejlisiniň dowamynda gol çekildi. (Surat: “Orient” habarlar agentligi)

Türkmenistan, Eýran, Özbegistan we Gazagystan halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyk (Aşgabat ylalaşygy) boýunça jemleýji goşmaça teswirnama gol çekdiler. Bu resminama Awazada Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň utgaşdyryjy geňeşiniň ikinji mejlisiniň dowamynda gol çekildi.

“Orient” agentliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, mejlisiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň ulag pudagynda giň hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandygyny nygtap, ulag boýunça 12 sany halkara konwensiýany tassyklandygyny we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda dört kararyň kabul edilmegi başlangyjy bilen çykyş edendigini aýtdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar halkara ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin ýurda giriş wizalaryny ýönekeýleşdirmek, ikitaraplaýyn we üstaşyr ýük daşamalarynyň ösdürilmegi ugrundaky ýüze çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garadylar.

Mundan başga-da, demir ýol ulagy üçin ýeke-täk nyrhyň girizilmegine we kesgitlenilmegine, şeýle hem ulag hyzmatlary üçin döwlet serhetlerinden geçilende alynýan ýygymlara we töleglere aýratyn üns berildi.

“Aşgabat ylalaşygy” 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde güýje girdi. Onuň öňýanynda bu babatda Özara düşünüşmek hakynda ähtnama kabul edildi, bu resminama 2014-nji ýylyň awgustynda Omanyň Maskat şäherinde Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleri gol çekdiler.

2022