Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň synag taslamasyna badalga berildi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň synag taslamasyna badalga berildi
Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň synag taslamasyna resmi badalga bermek dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çarşenbe güni Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň synag taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi.

Badalga bermek dabarasyna Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy B.Karimow hem-de sebitiň ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bellenilişi ýaly, iň täze tehnologiýalar esasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň ulanylmagy arkaly dünýäniň ulag ulgamyna sanly mümkinçiligiň ornaşdyrylmagy gümrük kepilligi we ätiýaçlandyrmasy tertibini ýaýratmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de munuň özi başlangyç nokatdan bellenen nokada çenli ýoluň tutuş dowamynda harytlaryň hem-de ulag serişdeleriniň barşyny gözden geçirmegi üpjün eder.

Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň synag taslamasyna resmi badalga bermek dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Onda taraplaryň dürli derejelerde hem-de BMG-niň çäklerinde üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy sanly ulgamy döretmek baradaky teklipleri öňe ilerletmek babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Halkara üstaşyr ýük daşamalaryny has ýeňilleşdirmäge gönükdirilen ýeke-täk multimodal resminamany işläp taýýarlamak maksady bilen, ozal iş topary döredilipdi. Onuň düzümine Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) agza ýurtlaryň döwlet we gümrük edaralarynyň, synçylaryň — TRACECA maksatnamasyny ulanyjy hökmünde Türkmenistanyň hem-de onuň hyzmatdaşy bolan BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň wekilleri girdiler.

2020-nji ýyldan bäri Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň konsepsiýasynyň üstünde gaýtadan işlemek we onuň jemleýji görnüşini taýýarlamak boýunça depginli işler alnyp baryldy. 2022-nji ýyldan bolsa synag ýük daşamalaryny taýýarlamagyň üstünde bilelikde işlemäge başlanyldy.

2022