Gyrgyzystanyň we Hindistanyň telekeçileri TDHÇMB-da tüýjümek önümleri satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystanyň we Hindistanyň telekeçileri TDHÇMB-da tüýjümek önümleri satyn aldylar
Hindistandan gelen telekeçiler 9,7 million manada deň bolan dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda Gyrgyzystanyň we Hindistanyň telekeçileri tüýjümek önümleri satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň wekilleri 302,5 müň ABŞ dollarlyk dürli ölçegdäki orta öwüşginli boýalan tüýjümek önümleri we 1,1 million ABŞ dollarlyk dürli nah ýüplüklerini satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni mälim etdi.

Hindistandan gelen telekeçiler 9,7 million manada deň bolan dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn aldylar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümiň jemi 221 müň kilogramdan gowragy Hindistana eksporta iberiler.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million 251 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022